Mazmuna geçiň

Hlamidioz

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Hlamidioz

Jyns gatnaşygy arkaly geçýän keselleriň içinde hlamidioz has köp duş gelýän ýokançlyklaryň biridir. Her ýylda dünýäde bu kesel bilen takmynan 70 mln. adam keselleýär. Orsýetde bu kesel ýaýraýşy boýunça, grippden soň ikinji orny eýeleýär. 90-njy ýyllaryň ahyrynda Günbatar Ýewropada her ýyl bu kesel bilen 3-4 mln. adam keselledi. Peşew çykaryş we jyns agzalaryň sowuklama kesellerinden ejir çekýän aýallaryň 40-60%-de we erkek adamlaryň 50%-de hlamidiýanyň tapylanlygyny barlaglaryň netijesi tassyklady. Hlamidiozy beden öýjüginden daşary we onuň içinde ösüp bilýän, aýratyn ýaşaýyş siklli hlamidiýalar döredýärler. Bu owadan ada eýe bolan kiçijik jandarlar, esasan, jynsy gatnaşyklar arkaly bir adamdan beýleki adama geçip bilýär. Başga zatlaryň (eller, süpürgiç, düşek daşlary) üsti bilen geçmek seýrek duş gelýär. Bu ýokançlyk 18-30 ýaş aralygyndaky adamlarda has hem köp ýüze çykýar. Hlamidiýalar ýokary temperatura (500 gradus s.we ýokary) örän duýgur bolup, pes temperatura durnuklydyr. Olary 0,5% kaliý permanganaty, 25% wodorodyň turşusy, 2% hloramin ýok edip bilýär. Hlamidioz köplenç ýagdaýda başga ýokançlyklar bilen (trihomoniaz, sözenek, mikoplazmoz) utgaşmada duş gelip bilýär. Hlamidiozyň özüne mahsus kliniki alamatlary bolmaýar. Ol alamatlar başga ýokançlyklaryň ýüze çykyşyna meňzeşdir.

Kliniki geçişiniň birnäçe görnüşi bardyr.

  • Ýiti görnüşli geçişde – peşew çykaryş we jyns agzalarynyň nemli bardalarynyň gyzarmagy, iriňli bölünip çykmalar, ýygy-ýygydan buşukma alamaty bolýar.
  • Dowamly görnüşde – ýokarky alamatlar ol diýen bir bildirmeýär, ýöne iriňli ýa-da nemli bölünip çykmalar bolýar. Bu görnüşde näsaglar lukmana bejergi üçin öz wagtynda ýüz tutýarlar.
  • Gizlin görnüşli geçişde – näsagyň hiç hili arzy we görünýän kliniki alamatlary bolmaýar. Ondan başgada, hlamidiýalary göterijiler hem bolýar. Iň ünsli barlaglar hem olarda hiç hili üýtgeşmeleri tapyp bilmeýär. Aýallarda hlamidioz zeper ýetiren agzasyna baglylykda dürli kliniki alamatlar bilen geçip biler.
  • Hlamidiozly uretrit (peşew ýollaryň zeperlenmegi) – ýygy-ýygydan buşukma, gijeme, peşew etmeden öň agyrynyň bolmagy bilen häsiýetlendirilýär.
  • Hlamidiozly waginit (jynshananyň zeperlenmegi) – seýrek duş gelýär. Sebäbi hlamidiý jynshananyň köp gatlakly epitelial örtüginde köpelmeýär. Gormonal üýtgeşmeler netijesinde jynshananyň nemli bardasy üýtgän ýagdaýynda ýa-da başga ýokançlyklar hem birleşen halatlarynda ýüze çykyp biler.
  • Hlamidiýaly serwisit (ýatgynyň boýunjygynyň zeperlenmegi) – hiç hili alamatsyz geçip bilýär. Ýatgynyň boýunjygynyň kanaly zeperlenen wagty ondan nem görnüşli ýa-da iriňli bölünip çykmalar bolup biler.Bölünip çykmalaryň täsiri netijesinde ýatgynyň boýunjygynyň eroziýasy emele gelip biler.
  • Hlamidiýaly endometrit (ýatgynyň içki gatlagynyň zeperlenmegi) – başga ýokançlyklara meňzeş alamatlar bilen geçýär. Garnyň aşagynda agyry, iriňli bölünip çykmalar,aýbaşynyň kadasyz gelmegi, aýbaşylaryň aralygynda gan gelmeler, bedeniň gyzgynynyň galmagy bolup biler.
  • Hlamidiýaly adneksit (ýumurtgalygyň we ýatgy turbajyklarynyň zeperlenmegi) – Ýatgynyň turbajyklarynyň nemli bardasynyň we ýumurtganyň daşky gatlagynyň zeperlenmegi netijesinde ýüze çykýar. Garnyň aşagynda agyry, bedeniň gyzgynynyň galmagy bilen häsiýetlendirilýär. Hlamidiýaly adneksit dowamly, gaýtalanyp durýan geçişe eýe bolup, turbajyklaryň geçirijiliginiň bozulmagyna, ýatgydan daşky göwreliligiň ýüze çykmagyna, önelgesizlige getirip biler. Gagalarda hlamidioz dogrum wagtynda enelerden ýokuşma arkaly ýüze çykýar. Çagalarda gözüň, bokurdagyň, jyns agzalaryň, göni içegäniň zeperlenmegi bolup biler.

Göwrelilik döwründe hlamidioz köp we howply gaýraüzülmelere getirip bilýär:

  • Çaganyň öz-özünden duşmegi;
  • Çaga düwünçeginiň ösmän galmagy;
  • Giçki gestozlar, köp suwlylyk;
  • Çaganyň igliligi;
  • Çaganyň ýoldaşynyň işiniň bozulmagy;
  • Wagtyndan öň buşluk suwunyň gelmegi;
  • Dogrumdan soňky ýatgynyň sowuklamagy.

Erkek adamlarda hlamidioz, zeper ýetiren agzalaryna, başga ýokançlyklar bilen utgaşmasyna baglylykda, dürli kliniki alamatlar bilen giçip biler.

  • Hlamidiýaly uretrit (peşew ýollarynyň zeperlenmegi) – dowamly häsiýete eýedir. Peşew ýolundan ak nemiň gelmegi, agyry, ýygy-ýygydan buşukma bilen häsiýetlendirilýär.
  • Hlamidiýaly epididimit (ýumurtga goşundylarynyň zeperlenmegi) ýiti we dowamly ýagdaýda geçip biler.Bedeniň gyzgynynyň galmagy, ýumurtga goşundylarynda güýçli agyrylar, zeper ýeten tarapda ýumurtga haltasynyň çişmegi, gyzarmagy, ulalmagy bolup geçýär.
  • Hlamidiýaly prostatit (erkeklik mäziniň zeperlenmegi) – uretritiň gaýra üzülmeleri bolup, dowamly ýagdaýda geçýär. Näsaglarda peşew çykyş ýollaryndan bölünip çykmalar, gasykda, ýumurtga haltajykda, bilde agyry, peşew çykyş kanalynda, göni içegede gijilewik ýüze çykýar.

Hlamidioz keseli bilen kesellän adam lukmana ýüz tutmalydyr. Diňe wagtynda anyklanyp, doly möçberde we dogry bejergi berilen ýagdaýynda, keselden saplanyp, onuň gaýraüzülmeleriniň öňüni alyp bolar. Häzirki wagtda hlamidiozy anyklamagyň dürli usullary peýdalanylýar. (serologiki, mikroskopiýa usuly, göni immunoflýuressensiýa, immunoferment barlagy we başgalar). Hlamidiýanyň dürli görnüşlerini bejermekde, esasan, tetrasiklin, makrolitler, sulfanilamidlar ulanylýar. Lukman degişli barlagdan soň, dermanlaryň möçberini, kabul ediş tertibini belläp, immuniteti güýçlendiriji we umumy beden gurplandyryjy serişdeleriň utgaşmagy bilen bejergi bellär. Bejergiden soň gözegçilik barlagy her aýda, 3 aýyň dowamynda geçirilmelidir. Barlag wagty hlamidiýalaryň ikilenç tapylmagy, bejergini başga dermanlar bilen gaýtalamaga esas döredýär. Hlamidiýanyň ýaýraýşynyň öňüni almakda, näsaglary bejermek, ýokançlyk göterijileri anyklamak, sahsy goraglylyk düzgünlerini berjaý etmek esasy çäreler bolup durýandyr.