Mähri Pirgulyýewa
Mähri Pirgulyýewa | |
Mähri Pirgulyýewa | |
Doglan wagty we ýeri | Mart 11, 1988 Aşgabat şäheri |
---|---|
Käri | Aýdymçy |
Dili | Türkmen |
Etnikasy | Türkmen |
Bilimi | Azady adyndaky dünýä dillerr instituty |
Periýod | 2007-şu gün |
Žanrlary | Tans Hip hop |
Mähri Pirgulyýewa 1988-nji ýylyň 11 martynda Aşgabat şäherinde doguldy. 1995-2006 ýyllar aralygynda Aşgabat türk Anadolu liseyinde okady. Aýdym aýtmaga mekdepde okaýan döwründe başlady. Ilkinji "gijeler" aýdymyny "Polyx" studiýasynda ýazga geçirtdi. Ilkinji "Seňki däl" atly albomyny Türkmenistanyň belli produseri Nikolaý Ýakimow bilen bilelikde işläp 2007-nji ýazga geçirdi. Ondan soňra ikinji "Söýgi wagty geldi" atly albomyny işläp başlady. Şol albomda Mähri Pirgulyýewanyň öz düzen aýdymlary hem bar. Şu albomdaky "Eziz Watanym" atly aýdymyny bolsa türkmen ýaşlarynyň adyndan Türkmenistana sowgat etdi.
14 ýaşly Mähri Pirgulyýewa heniz orta mekdepde okaýan döwürleri aýdym-saz sungaty bilen gyzyklanmaga başlaýar. Ol özüniň ilkinji albomyny “Seňki däl” ady bilen prodýuser Nikolaý Ýakimowyň gatnaşmagynda 2007-nji ýylda ýazga geçirýär.
Mähri Pirgulyýewa 2018-nji ýylda «Ýylyň parlak ýyldyzy» göçme nyşanyna mynasyp boldy. Baýragyň gowşurylyş dabarasynda ol «Alaja» atly meşhur aýdymyny ýerine ýetiripdi.
2020-njy ýylyň ýanwar aýynda «Aşgabat» restoranynda Mähri Pirgulyýewa özüniň «Ýyldyz» atly täze aýdym-saz toplumyndaky aýdymlar bilen çykyş etdi. Täze toplum türkmen dilinde ýerine ýetirilen aýdymlaryň 11-sinden ybaratdyr. Onuň aýdymlary «Ýyldyz», «Nurana», «Çalýar depler», «Men bagtly gyzyň», «Bal ýaly», «Diňe sen», «Ildar», «Waheý waheý», «Ülkam Türkmenistan», «Ýadama» we «Deň däl biz» diýlip atlandyrylýar. «Ejem» atly bir aýdym bolsa Türkmenistanyň at gazanan artisti Züleýha Kakaýewa bilen bilelikde ýerine ýetirilipdir[1].
Çeşmeler
[düzet | çeşmäni düzet]Bu şarkycy makala ownuk makaladyr. Ony üýtgetmek hem-de ösdürmek arkaly Wikipediýa kömek edip bilersiňiz. |
Bu biografiýa makala ownuk makaladyr. Ony üýtgetmek hem-de ösdürmek arkaly Wikipediýa kömek edip bilersiňiz. |